13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Talyplaryň eserleriniň sergisi guraldy

Baş sahypa/Makalalar/Talyplaryň eserleriniň sergisi guraldy
31 Okt 2025 8669 gezek görüldi
Talyplaryň eserleriniň sergisi guraldy

    Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Nakgaşçylyk», «Dizaýn» we «Heýkeltaraşlyk» bölümleriniň  talyplarynyň ýerine ýetiren işleriniň sergisi guraldy.

    Agzalan bölümleriň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda «Hyjuwly ýaşlar» ady bilen guralan serginiň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesiller we olaryň saglygyny goramak hakynda, bagtyýar şu gününi, nurana geljegini üpjün etmek ugrunda uly aladalaryň edilýändigi,  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu babatda alyp barýan işleriniň dünýä nusgalykdygy hakynda buýsanç bilen gürrüň edildi. Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

    Esasy maksady çagalarda sungata bolan söýgini, höwesi artdyrmakdan, olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakdan ybarat bolan sergide görkezilen  işlerde ajaýyp döwrümiziň waspy, ata Watanymyza söýgi-buýsanç esasy orny eýeledi. Bu sergi welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda okaýan çagalarda uly täsirleri galdyrdy. Olar zehinli talyplaryň ýerine ýetiren işlerine uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Maral Suhanowa,

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/213758

Ähli makalalar