13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Tans — toý baýramlaryň bezegi

Baş sahypa/Makalalar/Tans — toý baýramlaryň bezegi
23 Dek 2025 6156 gezek görüldi
Tans — toý baýramlaryň bezegi

    Halkymyzyň milli medeniýetine we sungatyna, aýdym-sazyna goýulýan hormat-sarpa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe äleme nusgalyk derejelere göterildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň medeniýete we sungata aýratyn sarpa goýmagy ýöne ýerden däl. Çünki medeniýetde we sungatda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän ynsanperwer taglymata berk eýermek arkaly durmuşa geçirýän beýik özgertmeleriň wajyp ähmiýeti öz beýanyny tapýar. Aýdym-saz bilen birlikde milli tanslarymyz, küştdepdidir gazallarymyz hem täze röwşe eýe bolýar. Tans sungaty aýdym-sazy, hereketleri, pikirleri, duýgulary birleşdirýär. Dürli hereketlerden ybarat bolan tans sungaty bilen meşgullanmak sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň iň şadyýan hem-de täsirli usulydyr. Şeýle bolansoň, tansa «sportuň çeper görnüşi» hem diýilýär. Ol bedeniň çeýeligini artdyrýar.

    Welaýat ýörite sungat mekdebimizde hem talyp ýaşlara aýdym-saz bilen birlikde tans sungaty hem öwredilýär. Milli hem döwrebap tanslary ýerine ýetirýän ýaşlarymyz baýramçylyklarda öz toparlary bilen joşgunly tanslary ýerine ýetirýärler.

https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/21/articles/220100

Sapargül Hallymämmedowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň horeografiýa sungaty bölüminiň müdiri.
Ähli makalalar