Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda guralan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri» atly II ylmy-usuly maslahata welaýat ýörite sungat mekdebimiziň mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň alym-professorlarynyň, mugallymlarynyň çykyşlary täsirli boldy. «Saz nazarýet derslerini okatmagyň usulyýeti: teoriýa we tejribe», «Halk saz ýerine ýetirijiliginiň usulyýeti: teoriýa we tejribe; saz mugallymçylygy ugurlary: ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy we nazaryýeti», «Ýerine ýetirijilik sungatynda interpretasiýa meseleleri» atly bölümçeler arkaly dowam eden ylmy-usuly maslahatda welaýat ýörite sungat mekdebimiziň mugallymlary hem üstünlikli çykyş edip, Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Dürli sowal-jogaplara baý bolan maslahatda milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň howandary, halypa-şägirtlik ýolunyň giňden dabaralanmagyna ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

