13 mart 2026 sagat 14:02
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Türkmen bedewiniň waspy

Baş sahypa/Makalalar/Türkmen bedewiniň waspy
28 Apr 2025 10841 gezek görüldi
Türkmen bedewiniň waspy

    Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde welaýat medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, welaýat ýörite sungat mekdebi, Balkanabat şäheriniň çagalar sungat mekdebi tarapyndan «Türkmen bedewi — Watanymyň buýsanjy» ady bilen nusgalyk gözelligi, owadanlygy, syratlylygy, ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan, halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän eserleriň sergisi guraldy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Ahmet Gurbangeldiýewiň «Dowamat», Göwher Garryýewanyň «Beghan», Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Bähbit Gurtmämmedowyň «Gyrat» atly eserleri hem-de şol mekdebiň zergär mugallymy Rahmanberdi Hojaýewiň «Gadamy batly bedew» atly zergärçilik işi sergä özboluşly bezeg berdi. Ruhuňy galkyndyryp, bedewlerimize bolan buýsanjyňy has-da artdyrýan eserleriň sergisini synlamaga gelenler sungat ussatlaryna döredijilik dünýäsinde täze üstünlikleri arzuw etdiler hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen  meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Röwşen Çopanow.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň

nakgaşçylyk bölüminiň mugallymy.

Ähli makalalar