
Türkmenistan bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) arasyndaky hyzmatdaşlyk has-da ösdürilýär. Bu gurama agza döwletlerde geçirilýän halkara çärelere ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary yzygiderli gatnaşyp, çykyş edýärler, özara tejribe alyşýarlar. Ýakynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary Gazagystanyň Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, geçen ýyl bu derejäni ýurdumyzyň gadymy we şöhratly şäherleriniň biri bolan Änew göteripdi. Aktau şäherinde TÜRKSOÝ- a agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary şowhunly garşylandy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni- işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor- tans toparynyň aýdymçylarynyň hem-de tansçylarynyň çykyşlary gülläp ösýän dost- doganlyk gatnaşyklarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnamasynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar dialogynyň ikinji duşuşygy geçiriler. Bu çäre «Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesi» şygary astynda guralar. Forum BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň çäklerinde dowam eder. BMG-niň giň gerimli çäreleriniň çäklerinde ýaşlar forumynyň guralmagy indi däbe öwrüldi. Şu ýyl forumyň dowamynda ýaşlar ählumumy gün tertibini ilerletmegiň täze ýollary barada pikir alşarlar. Bu bolsa parahatçylygyň we howpsuzlygyň berk binýadyny döretmekde olaryň gyzyklanmalarynyň we pikirleriniň has giňden göz öňünde tutulmagyna uly goşant goşar. Ilkinji gezek 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde başy başlanan başlangyç boýunça geçirilýän şeýle forumlar sebitleýin howpsuzlyk meseleleri we ýaşlaryň parahatçylyk syýasatyna goşulyşmagy babatda pikir alyşmak hem-de bilelikdäki çözgütleri işläp düzmek üçin netijeli meýdança öwrülýär. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnamasynyň ilkinji 10 ýyllygynyň jemlerini jemlemek, Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň özara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, dialogyň işiniň binýatlyk guralyşyny ara alyp maslahatlaşmak wezipeleri forumyň esasy maksatlaryny düzýär.
Läle Hojagurbanowa.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň
Horeografiýa sungaty bölüminiň mugallymy.
