Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti we welaýat ýörite sungat mekdebi Milli bahar baýramy mynasybetli «Ülkäme saz bolup gelen Nowruzym» atly aýdym-sazly dabara geçirdiler. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent maksatly tutumlar barada gürrüň edildi. Onda okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň taýýarlamagynda talyplaryň birnäçe çykyşlaryna orun berildi. Milli öwüşgine beslenen konsertde mekdebimiziň hor topary Meret Annamyradowyň türkmen milli heňine döreden «Nar agajy» atly kapella eserini azerbaýjan, türk we türkmen dillerinde ýerine ýetirdi. Mekdebimiziň kamera orkestriniň dürli öwüşginler bilen bezäp, döwrebaplaşdyryp, Nury Halmämmedowyň «Haýrana galar» atly eserini ýerine ýetirmegi, aýdymdyr sazy tanslar bilen bezäp, sahnanyň gözelligine gözellik goşan tans toparymyzyň çykyşlary hem täsirli boldy. Talyplarymyz ýekelikde baýramçylygy, milliligimizi wasp edýän estrada we halk aýdymlaryny, sazlaryny ýerine ýetirmekde ussatlyklaryny görkezdiler.
Dabarada halkymyzy ajaýyp döwürde ýaşadýan, milli baýramçylyklary öz hünärleri bilen bezemekde, döredijiligiň inçe syrlaryna aralaşmakda medeniýet we sungat işgärlerine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.

