13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Umumy ýaşaýyş jaýy

Baş sahypa/Makalalar/Umumy ýaşaýyş jaýy
26 Few 2025 9500 gezek görüldi
Umumy ýaşaýyş jaýy

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýy Balkanabat şäheriniň 115-nji ýaşaýyş jaýlar toplumda ýerleşýär. Umumy ýaşaýyş jaýy 2011-nji ýylda düýpli abatlanyldy we her ýyl talyplar tomusky dynç alyşa gidenlerinde abatlaýyş işleri yzygyderli geçirilýär. Umumy ýaşaýyş jaýynda talyplaryň ýaşamagy üçin ähli şertler döredilen.Mugallymlar her gün umumy ýaşaýyş jaýynda yzygiderli nobatçylyk çekýärler we nobatçylyk çekýän döwürlerinde talyplar bilen söhbetdeşlik edip, olaryň ýaşaýyş-durmuşlary, otaglaryna, aşhanalaryna, hammamlaryna, hajathanalaryna aýlanyp arassaçylygy barlaýarlar. Içinde berk düzgün-nyzamlary bolup umumy ýaşaýyş jaýyna, her gata, arassaçylyk işlerine jogap berýän talyplar topary döredilen. Talyplara agzybir bolmaklary üçin yzgiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly kitabyndaky nakyllara eýerip durmuşy ýollara salgy berýärler. Umumy ýaşaýyş jaýynda her gün gündizki we gijeki nobatçylyklar hem guralan. Talyplar okuwdan boş wagtlary kitap okamak, Watanymyzda bolýan täzelikleri bilmek üçin yörite şert döredilen. Her gün talyplarymyz agşam sagat 900-daky “Watan habarlaryny yzygyderli görýärler. Ýurdumyzda alnyp barylýan işleri, ylaýta-sa talyp-ýaşlar üçin ähli edilýän işleri görüp-eşdip, olaryň ýaşamaga, okamaga höwesleri has-da artdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlarymyz üçin edýän atalyk aladalaryna jogap edip, talyplarymyz ýurdumyza, Watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup, saýlap alan hünärleriniň eýesi bolup, halal zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.

Ähli makalalar