
Onuň ilkinji halypasy il içinde «Umyt bagşy» ady bilen tanalan daýysy Durdymyrat Berdiýew bolupdy. «Gözlär», «Begler», «Haýsydyr», «Ýigide» ýaly halk aýdymlaryndan başlanan ilkinji ädimler çyn halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna öwrülip gidýär. Daýysynyň ynamynyň özüne geljek ýolunda uly güýç bolup hyzmat edendigini hemişe hoşallyk bilen gaýtalaýan Rejepdurdy Begenjow bu günki gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynda talyplara tälim berýär.
Onuň ilkinji halypasy il içinde «Umyt bagşy» ady bilen tanalan daýysy Durdymyrat Berdiýew bolupdy. «Gözlär», «Begler», «Haýsydyr», «Ýigide» ýaly halk aýdymlaryndan başlanan ilkinji ädimler çyn halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna öwrülip gidýär. Daýysynyň ynamynyň özüne geljek ýolunda uly güýç bolup hyzmat edendigini hemişe hoşallyk bilen gaýtalaýan Rejepdurdy Begenjow bu günki gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynda talyplara tälim berýär.

Halypalar barada söz açylanda, Rejepdurdy aga Türkmenistanyň at gazanan artisti Gurbannazar Nurymowdan «Galan bar», «Ýagma, bulut», «Öwez jan» ýaly halk aýdymlaryny öwrenişi barada täsirli gürrüňleri berýär. «Türkmeniň aýdym-saz sungaty äpet bir daragt mysaly. Ýöne bir daragtam däl, äpet güjüm agajyna meňzedýän özüm-ä. Onuň şahalaryny yzlap soňuna çykar ýaly däl. Olarda kemala gelen «ýapraklaryň» hem hersiniň özboluşly öwüşgini bar» diýip, Rejepdurdy mugallym Sahy Jepbarow, Mäne Garaýew, Orazgeldi Ylýasow ýaly ussatlaryň hazynasy bilen goruny dolduryşy hakynda süýjülikde ýatlaýar.
Halk aýdym-saz sungatymyz bilen içgin tanyş adamlaryň ýanynda Umyt bagşynyň adyny agzasaň, hökman «Aýna-Söhbet» kyssasyny ýatlar. «Aýnaly aýdymlaryň eýesidir ol» diýer. Rejepdurdy mugallym hem halypasynyň tarypyny Aýnadyr Söhbetsiz ýetirenok. Halypa hormaty ýyllaryň dowamynda Rejepdurdy bagşynyň özüni «Aýna-Söhbetli» dünýä ymykly ataryp goýberýär. Bu günki gün Rejepdurdy mugallymyň bu rowaýaty özboluşly tagam garyp ýerine ýetirýändiginem köpler guwanmak bilen belleýärler. Bu guwanç duýgusy ýöne ýerden däl. Bagşy Gaýgysyz Çaryýewiň: «Halk döredijiligi eserlerimiziň aglabasy bagşylarymyzyň «eýelik etmeginde» nesilden nesle geçip gelendir. Şonuň üçinem, gözüňiz halk aýdym-sazlarymyzyň, dessandyr rowaýatlarymyzyň seýrek ýerine ýetirilýänlerinde bolsun. Haýsynyň «göterijisiniň» azdygyny gördügiňiz, şoňa ýapyşyň. Beýtmek bilen «halk döredijiligi» atly gymmatlyga dahylly bolarsyňyz. Özi-de olary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän hökmünde adygmaga çalşyň. Şonda haýsydyr bir aýdymyň, sazyň, dessanyň gapdalyna siziňem adyňyz hemişelik goşular» diýip, şägirtlerine sargyt eder ekeni. Ine, Rejepdurdy mugallymyň bu günki gün «Aýna-Söhbede» eýe çykyp ýörmegine hoşallyk hökmünde, diňleýjilerimiz onuň adyny rowaýatyň gapdalyna goşup goýberdi.
Meşhur Sary bagşynyň uly ogly, dutardyr gyjaga deň derejede ezberlik bilen erk eden, ussat mukamçy-kompozitor hem-de görnükli halypa Pürli Saryýewiň, hatda aýdan sözleriniň-de uly bir mekdep bolandygyny şägirtleri ýatlaýarlar. Ol goşa tardan şirin owazy almak barada: «Dutar çalmak ussatlygynyň öz tilsimleri bar — ol giden mekdep. Ökde çalmak bar, ökde mukam ýasamak bar. Men muny öz gören, tälim alan halypalarymdan çen tutýaryn» diýipdir. Şeýle paýhasly pikirlerden ugur alyp, zähmet ýoluny mekdebe öwürmäge çalşan Rejepdurdy Begenjow hem dutary hemra edinip geçilen ýyllaryň içinde şägirtleriň ençemesini ýetişdirdi. Ogly Suhanberdi Begenjowdan başga-da, onuň Ýalkap Durdymyradow, Hemra Allaberdiýew, Amanmuhammet Çaryberdiýew ýaly şägirtleri ýurdumyzyň toý-baýramlaryny ajaýyp owazlary bilen bezeýärler. Şeýle yhlasly zähmeti, beýik sungata söýgüsi üçin ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen belent adyň eýesi boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň görkana pursatlaryna söýgi-buýsanjyny, hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza alkyşlaryny ajaýyp aýdymlaryna garyp beýan edýän ussat halypa mundan beýläk hem döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.
https://metbugat.gov.tm/newspaper/6#
Annagül Balkanowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy.
