Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guran «Şan-şöhraty dünýä dolan «Galkynyş» atly bäsleşigi talyp ýaşlaryň sungatyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, dizaýn ugurlary boýunça şahsy ukyplaryny açyp görkezmeklerine giň mümkinçilikleri açdy. Oňa welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünliklerini berlen wagtyň dowamynda öz surat eserlerinde beýan etdiler. Netijede, welaýat ýörite sungat mekdebiniň dizaýn bölüminiň 3-nji ýyl talyby Osman Durdyýewiň işi birinji orna, nakgaşçylyk bölüminiň 3-nji ýyl talyby Bibigözel Aşyrowanyň eseri ikinji orna mynasyp boldy. Heýkeltaraşlyk bölüminiň 2-nji ýyl talyby Maýsagül Amanjaýewanyň, dizaýn bölüminiň 3-nji ýyl talyby Halyma Rahmanowanyň, şol bölümiň 1-nji ýyl talyby Toýgeldi Toýgeldiýewiň döreden eserlerine üçünji orun berildi. Öňdäki we höweslendiriji orunlara mynasyp bolan talyplara ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşikde milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň dünýäde dabaralanmagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

