
Üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Bu millilige, ynsanperwerlige ýugrulan şygar ata Watanymyzda her bir tutumly işiň rowaçlyga beslenjekdigine ynam döredýär. Bu gün il bähbitli, ýurt ähmiýetli dünýä nusgalyk işlerimiziň depginini bedew bady bilen deňeşdirýäris. Sebäbi ýyndamlygy, çeýeligi, gözelligi bilen göreni haýrana goýýan behişdi bedewler diňe ýeňşe tarap gadam goýýarlar. Ajaýyp zamanamyzda dünýä bedewleriniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň genji- hazynasy, köňül buýsanjydyr, geçmişiniň, şu gününiň, geljeginiň ýaraşygydyr. Olar döwletliligiň, mertligiň, wepalylygyň nyşany hasaplanylyp, halkymyzyň ýaşaýşynyň ähli döwründe-de şöhratly taryhymyzy buýsanja besläp gelipdirler. Häzirki döwürde bedewlerimiziň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýän şan-şöhraty has-da arşa galýar. Behişdi bedewler berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň, bagtyýar halkymyzyň hasyl bolan arzuwynyň ajaýyp keşbidir. Olar ösüşe we rowaçlyga tarap ymtylýarlar. Şonuň üçin milli we dünýä medeniýetiniň özboluşly baýlygyna öwrülen ahalteke atlary halkymyzyň ykbalynda möhüm orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň: «Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşylarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiz halkymyzyň genji- hazynasydyr we milli mirasydyr» diýip nygtaýşy ýaly, nurana ýollarymyza ýalkym saçýan ahalteke bedewi täze taryhy döwrüň ajaýyp nyşanydyr. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly dabaralar bilen barýan güneşli Diýarymyzyň ynamly gadamlarynyň, rowaçlygynyň alamatydyr.
https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/publishes/13227/download
Aýbölek GURBANMÄMMEDOWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
