
Welaýat ýörite sungat mekdebimizde ýaş nesillere saz medeniýetiniň dürli taraplaryny açyp görkezmek, olarda sungata bolan söýgini ösdürmek maksady bilen geçirilen «Açyk gapylar» gününe welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň çagalar sungat, çeperçilik mekdepleriniň we umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary, şu ýyl uçurym bolýan okuwçylary gatnaşdylar. Olar, ilki bilen, mekdebimizde alnyp barylýan işler bilen tanyş edildi. Soňra mekdebiň talyplarynyň we mugallymlarynyň ýerine ýetirmeklerinde ýurdumyzyň görnükli kompozitorlarynyň saz eserleri ýaňlandy. Uly höwes we hyjuw bilen ýerine ýetirilen aýdymsazlar, tanslar gelen myhmanlara ruhy lezzet paýlady. Mekdebiň nakgaşçylyk, dizaýn we heýkeltaraşlyk bölümleriniň talyplary tarapyndan maketlerden, heýkellerden we suratlardan taýýarlanan sergiler hem myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Anna Haýdarowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň
mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
