13 mart 2026 sagat 14:07
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

ÝAŞLAR – WATANYŇ «HAKYDA GÖWHERI »

Baş sahypa/Makalalar/ÝAŞLAR – WATANYŇ «HAKYDA GÖWHERI »
09 Iýul 2025 9885 gezek görüldi
ÝAŞLAR – WATANYŇ «HAKYDA GÖWHERI »

    Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda ýaşlara Watanyň daýanjy hökmünde garalýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynda ýaş nesilleriň durmuşda, jemgyýetde tutýan ornuna mynasyp baha berilýär, ýaşlaryň gazanan ýokary netijeleri açylyp görkezilýär. Kitapda: «Biz gelejegimizi ýaşlarymyz bilen bilelikde gurýarys. Şeýle ýaşlary bolan halk beýik halkdyr. Şeýle beýik halky bolan döwlet beýik döwletdir» diýlip bellenilmegi döwletimiziň ýaşlar syýasatynyň düýp manysyny açyp görkezýär. Kitabyň sahypalarynda çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň bagtyýar, dürli ugurlarda okaýan, döredýän, gurýan pursatlaryndan düşürilen fotosuratlaryň ýerleşdirilmegi Watanymyzda olar üçin döredilýän mümkinçilikleri giňişleýin beýan edýär. Bu kitap ýaşlar üçin ýol-ýörelge, durmuşyň her bir pursadynda çelgi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýeti terbiýeläp ýetişdirmegiň beýik nusgasyny salgy berýär.

    Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär.

    Hor matly Prezidentimiziň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitaby «Beýik işlere çakylyk», «Nurana gelejegiň aladasynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasatynyň esaslary», «Ýaşlar we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy», «Ýaşlar bilim ulgamynda», «Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly», «Ýaş türkmen zenanlary berkarar ýurduň mertebe tugy», «Sanly dünýä: ýaşlar, ösüş, gelejek», «Ýaşlar we şäher gurluşygy », «Watan goragy ynamly gollarda», «Milli mirasymyzyň eýeleri: Edebiýat, sungat we ýaşlar», «Halkymyzy buýsandyrýan hoş habarlar-Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri», «Bilim ulgamynda tapawutlanan ýaşlar», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlar bilen bagly kabul edilen resminamalar, ýaşlara iberilen gutlaglar», «Ýaşlar bilen gelejegimizi gurýarys» diýen bölümlerden ybaratdyr. Bu bölümlerde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikler ýetilen belent sepgitler, ýaşlaryň durmuşy bilen bagly alnyp barylan işler giňişleýin beýan edilýär.

    Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny barada: «Bu Kanun ýurdumyzdaalnyp  barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy, Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olaryň jemgyýetçilik, durmuş- ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisinde Ýaş parlamentariler toparynyň döredilmegi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň özara tejribe alşyp bilmeklerine täze mümkinçilikleri  açdy.

    Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eseri ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy,medeni durmuşyna, eziz Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin gymmatly gollanmadyr we ol ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar. Kitapda: «Türkmen ýaşlary döwletden arkalydyr. Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdür. Biz döwletimiziň güýjünden güýç alýarys» diýlip bellenilýär. Bu jümleler Watanymyzda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini,häzirki döwürde ýaşlaryň has ösýän, özgerýän aňyna, şonuň netijesinde olaryň ösýän talaplaryna, mümkinçiliklerine jogap berýän binýadyň döredilýändigini görkezýär. Pederlerimiziň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän ýaş nesiller özlerine bildirilýän ynamdan ruhlanyp, beýik işleri durmuşa geçirýärler. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky bu eseri gymmatly maglumatlary özünde jemlemek bilen, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr.

Annagül Balkanowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy

Ähli makalalar