13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Ýokary derejedäki ussatlyk sapaklary

Baş sahypa/Makalalar/Ýokary derejedäki ussatlyk sapaklary
03 Maý 2025 10712 gezek görüldi
Ýokary derejedäki ussatlyk sapaklary

    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlary ýüze çykarmakda uly işler alnyp barylýar, halypa-şägirtlik ýoly ösdürilýär.

    Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2025-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda «Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny» atly bäsleşigiň geçirilýän günlerinde aýdym sungaty bölüminiň halypa mugallymlary ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen talyplara aýdym sungaty boýunça ussatlyk sapagyny geçdiler. Olar opera wokal sungatynyň inçe syrlaryny açyp görkezdiler. Her bir sesiň inçe tilsimleri barada içgin düşündiriş berdiler. Gyz we oglan talyplar bilen aýratynlykda sesleriň we olaryň çykyşynyň üstünde durup geçdiler. Her bir sesiň esasy häsiýetlerini sada dilde diňleýjileriň aňyna ýetirmegi başardylar.

    Dabaranyň ahyrynda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Maýagözel Sähedowa,

Balkan welaýat ýörite sungat

mekdebiniň mugallymy.

Ähli makalalar