
Mälim bolşy ýaly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” sentýabr aýynda ýurdumyzda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy- ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär. Bu ynsanperwer çäräni guramaçylykly geçirmek, şeýle hem raýatlarymyzyň ýol hereketi babatda sowatlylygynyň hem-de medeniýetliliginiň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen, 23.09.2025-nji ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde yglan eden “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn”, “Heýkeltaraşlyk” bölümleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Ýollarymyz asuda-ýurdumyz parahat” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” agzybir halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin, ýol-ulag hadysalarynyň düýpli azalmagyna uly ýardam etjek şekilleri surat eserlerinde beýan etmek bilen, raýatlarda hereket howpsuzlygynyň düzgünlerine düşünjeli garaýşy terbiýelemäge, ýol howpsuzlygynyň medeniýetiniň kämilleşmegine ýardam berdi. Talaplaryna laýyk gelýän ölçegde, berlen wagtda gatnaşyjy talyplaryň her biri öz aýratyn şahsy ukyplaryny açyp görkezdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Aşyrgulyýewa Geňlik I orna, “Dizaýn” bölüminiň IV ýyl talyplary Durdyýew Osman hem-de “Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Mejidowa Mährijemal II orna, “Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Aşyrowa Bibigözel, “Nakgaşçylyk” bölüminiň IV ýyl talyby Atagylyjowa Nurjemal, “Nakgaşçylyk” bölüminiň II ýyl talyby Meredowa Züleýha dagylar III orna mynasyp boldular.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan sowgatlar we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşigiň ahyrynda talyp ýaşlar ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny dogry ýerine ýetirmekligiň howpsuzlygyň kepili hökmünde sungatyň inçe syrlarynyň üsti bilen beýan etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
