13 mart 2026 sagat 14:00
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Zehinli ýaşlar bäsleşdiler

Baş sahypa/Makalalar/Zehinli ýaşlar bäsleşdiler
21 Apr 2025 10947 gezek görüldi
Zehinli ýaşlar bäsleşdiler

    Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen döredilýän mümkinçilikler talyp ýaşlaryň döredijilik dünýäsini bezeýär. Olaryň talyp kalbynyň joşgunynda döwrümiziň beýik ösüşleriniň waspy bar. Şeýle mümkinçilikleriň netijesinde medeniýet ulgamyny ösdürmekde öňde goýlan maksatlardan ugur alyp, zehinli ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaklygy, olaryň ýerine ýetirijilik ukyplaryny kämilleşdirmekligi hem-de has zehinli ýaşlary ýüze çykarmaklygy maksat edinip, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde yglan eden “Zehinli ýaşlar” atly bäsleşigi geçirildi. Has zehinlileri ýüze çykaran bäsleşikde ýeňiji bolan talyp ýaşlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

    Çekeleşikli geçen bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetiň, sungatyň ösmegi, zehinlileriň ýüze çykarylmagy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Annagül Balkanowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji
guramasynyň başlygy.

Ähli makalalar