13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Zehinli ýaşlar — Watanyň buýsanjy

Baş sahypa/Makalalar/Zehinli ýaşlar — Watanyň buýsanjy
16 Iýun 2025 10105 gezek görüldi
Zehinli ýaşlar — Watanyň buýsanjy

    «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda birnäçe okuw dersleri boýunça döwlet ders bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlaryň ylmyň dürli ugurlary boýunça şahsy ukyplaryny açyp görkezmäge mümkinçilik döreden bäsleşige welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, test görnüşindäki soragnamalara kompýuteriň üsti bilen jogap berdiler. Netijede, mekdebiň nakgaşlyk bölüminiň 4-nji ýyl talyplary Älemgül Meretgylyjowa, Aziza Möwlamowa, Gülüstan Gulanowa, 2-nji ýyl talyby Mämmetgylyç Atagylyjow dagy degişli dersler boýunça baýrakly üçünji orna mynasyp boldular. Olar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň ahyrynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Annagül Balkanowa,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Ähli makalalar