19 Apr 2025 12718 gezek görüldi

Sungatyň sarpalanýan zamanasynda medeniýet ulgamynyň ösmegi, ýaş zehinleriň ýüze çykmagy, aýdym-sazly dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri, halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” aýdym-saza goýulýan hormat-sarpa has hem belende göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, giň möçberli alnyp barylýan işler günsaýyn özüniň netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurduň adabançylygynyň, gülläp ösmeginiň we mundan beýläk-de kuwwatlanmagynyň, milli ruhy gymmatlyklarymyzy beýgeltmegiň hatyrasyna amala aşyrýan beýik işlerinden egsilmez güýç-kuwwat, ylham alýan, ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan Watanymyzyň gazananlaryna guwanýan we buýsanýan merdana halkymyz bilen birlikde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň agzybir mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlary gujur-gaýrat we baýramçylyk ruhy bilen zähmet çekýär.

Her ýylda däbe öwrülen okuwymyzyň hünär aýratynlyklaryny tanyşdyrmak maksady bilen, ýerine ýetirilýän sungatyň jadyly gudraty, ýagny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 2025-2026-njy okuw ýyly üçin “Açyk gapylar” gününiň dabarasy ýurdumyzyň medeniýetiniň, sungatynyň belende göterilmeginiň aýdyň nyşany boldy.
Mekdepde hünär ugurly ýörite 14 sany bölümiň hereket edip, olaryň hünär aýratynlyklary barada ýakyndan tanyşdyrmak üçin maglumatlar beýan edildi. Şeýle hem, mekdebiň hor, bagşylar, dutarçylar, “Bagtyýarlyk” tans toparlarynyň, kamera, halk saz gurallary orkestrleriniň, aýdymçylaryň, sazandalaryň çykyşlary, “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn”, “Heýkeltaraşlyk” bölümleriniň talyplarynyň taýýarlan surat sergileri dabara aýratyn ähmiýet berdi.



Çykyşlarda ýurdumyzyň ajaýyplyklary, döwrüň waspy beýan edilip, olary mugallymlaryň we talyplaryň öran ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi özboluşly ähmiýete eýe boldy. “Açyk gapylar” güni mynasybetli taýýarlanan konsertiň ähmiýeti umumybilim berýän orta mekdepleriniň, çagalar sazçylyk, sungat we çeperçilik mekdepleriniň ýokary synplarynda okaýan okuwçylarynda hem-de şol mekdepleriň uçurymlarynda aýratyn täsir galdyrdy.


Medeniýetiň we sungatyň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň 2025-2026-njy okuw ýyly üçin “Açyk gapylar” gününiň dabarasynda ýerine ýetirilen ähli çykyşlar sungatyň jadyly gudraty hökmünde giňden ýaýbaňlandy.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň pajarlap ösmegi, il-günüň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän, milli medeniýetimizi, sungatymyzy arşa göterýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!

