13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Ahalteke atlary-biziň buýsanjymyz”

Baş sahypa/Täzelikler/“Ahalteke atlary-biziň buýsanjymyz”
25 Apr 2025 12457 gezek görüldi
“Ahalteke atlary-biziň buýsanjymyz”

    “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ylymly-bilimli talyp ýaşlaryň bagtyýar ýaşaýşy, hemmetaraplaýyn ösüp, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri, olaryň ähli ugurlarda hukuklarynyň berjaý edilmegi Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalarynyň, giň möçberli tagallalarynyň netijesinde doly üpjün edilýär.

Muňa tüýs ýürekden guwanýandygymyzy mälim etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 21-27-i aralygynda “Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen “Türkmen bedewiniň milli baýramyna” bagyşlanyp,  Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Balkanabat çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň taýýarlan  “Ahalteke atlary-biziň buýsanjymyz” atly sergi geçirildi. Parahatçylygyň ilçileri bolan türkmen bedewlerine bagyşlanan sergisine Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň ähli mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. Sergä tomaşa eden okuwçylaryň we talyplaryň ýürek buýsanjy teleýaýlym arkaly ýazgy edildi.

         Serginiň ahyrynda talyp ýaşlar medeniýetiň, sungatyň dünýäde dabaralanmagynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Ähli täzelikler