
21.05.2025-nji ýylda Balkanabat şäheriniň “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Balkan welaýat häkimliginiň, Medeniýet müdirliginiň hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmaklarynda Haly baýramçylygyna bagyşlanan welaýat derejesindäki aýdym-sazly, söhbetli dabaralar geçirildi. Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparlary, “Bagşylar” ansambly, “Bagtyýarlyk” tans toparlary täsirli baýramçylyk sowgatlary bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” waspy parahatsöýüjilik ruhunda ýaňlanyp, her ýylda bellenilýän paýtagtymyz “Aşgabat şäheriniň güni”, “Soňky jaň” dabaralarynyň “Haly baýramçylygy” bilen bilelikde utgaşyp gelmeginiň çuňňur many-mazmuna eýe bolmagy baradaky aýdym-sazlar ýerine ýetirildi.
Dabaranyň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Saparbibi Rahymowa “Altyn asyr” teleýaýlymyna baýramçylyk pursatlarynda interwýu berdi. Ýazgy 25.05.2025-nji ýylda “Altyn asyr” teleýaýlymynda sagat 20:00-da görkezildi.
Çäräniň ahyrynda dabara gatnaşanlar Berkarar döwletiň mertebe tuguna deňelýän türkmen gelin-gyzlaryna bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna, halyçylyk sungatyny dünýäde tanatmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň belent, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
