
14.05.2025-nji ýylda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de ýaşlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň rowaçlygyna çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetlerini we däplerini dabaralandyrmak hem-de giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde yglan eden “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn” bölümleriniň I-II-III ýyl talyp ýaşlarynyň arasynda “Asuda hem parahat mekanymyň tebigaty” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, ata Watanymyzyň erkana we parahat durmuşymyzy surat eserlerinde beýan etdiler. Talaplaryna laýyk gelýän ölçegde, berlen wagtda gatnaşyjy talyplaryň her biri öz aýratyn şahsy ukyplaryny açyp görkezdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Dizaýn” bölüminiň III ýyl talyby Durdyýew Osman I orna, “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyplary Aşyrowa Bibigözel hem-de Orazow Myrat II orna, “Nakgaşçylyk” bölüminiň III ýyl talyby Aşyrgulyýewa Geňlik, “Dizaýn” bölüminiň III ýyl talyby Rahymowa Halyma, “Dizaýn” bölüminiň I ýyl talyby Toýgeldiýew Toýgeldi dagylar III orna mynasyp boldular.
Ýeňijiler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti tarapyndan sowgatlar we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar we myhmanlar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler, bäsleşigiň dowamynda "Bagşylar" toparynyň ýerine ýetiren aýdymlary parahatçylygyň owazy bolup ýaňlandy. Bäsleşigiň ähli pursatlary "Ýaşlyk" teleýaýlymyna ýazgy edildi.
Bäsleşigiň ahyrynda talyp ýaşlaryň parahatçylyga, asuda, parahat mekanymyzyň tebigatyna bolan buýsançlaryny sungatyň inçe syrlarynyň üsti bilen beýan etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
