
Golaýda mekdebimizde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserlerini eriş-argaç edip öwrenmek hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde yglan eden “Asyrlardan aşyp gelen milli sungat, kalp jöwheri, geljegime beýik salam, kitap “Hakyda göwheri” atly bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly eserleri amala aşyrylmaly işlerde hemmelere ýol-ýörelge bolup durýandygyny we ýaşlarymyzyň zähmetsöýerlik, halallyk, myhmansöýerlik, başarjaňlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk, watansöýüjilik ýaly häsiýetlere berýän ähmiýeti, şol häsiýetleriň nesilden-nesle geçirilmegi hem-de şohratly taryhymyzyň içgin öwrenilmegi dogrusynda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň öz döreden eserlerinde beýan edilýän düşünjeleriň many-mazmunyny öwretmekden ybarat boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplardan düzülen toparlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň hormat haty bilen sylaglandylar.
