13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Aýdym-sazym bolup gel sen, Täze ýyl!”

Baş sahypa/Täzelikler/“Aýdym-sazym bolup gel sen, Täze ýyl!”
15 Dek 2025 6280 gezek görüldi
“Aýdym-sazym bolup gel sen, Täze ýyl!”

    15.12.2025-nji ýylda “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň “Bagt köşgi” toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Balkan welaýat birleşmesi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi.

    Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdymçylar, orkestr, “Hor topary”, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal”, “Saz mugallymçylygy”, “Hor dirižýory” bölümleriniň müdiri Akgül Ataýewa, “Hor dirižýory” bölüminiň mugallymy Anna Haýdarowa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Gülhanym Lametowa, şol bölümiň III ýyl talyby Aýlar Arnageldiýewa dagylar baýramçylyk sowgatlary bilen çykyş etdiler,  jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa hem dabaranyň dowamynda söhbetdeşlik gurnady.

    Şowhuna beslenen dabaranyň ahyrynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň üstünlikli jemlenmegine giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Ähli täzelikler