13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary

Baş sahypa/Täzelikler/Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary
21 Ýan 2026 6278 gezek görüldi
Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary

    21.01.2026-njy ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen Balkan welaýat Zenanlar bölümi tarapyndan “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw maslahatynyň çäginde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynda “Altyn asyr” teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly, söhbetli çärede Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy, jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa çykyş etdi.

    Dabaranyň çäginde gurnalan muzeý gymmatlyklarynyň milli sergisinde “Miras” teleýaýlymy tarapyndan taýýarlanan gepleşikde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa hem interwýu berdi.

    Çykyşlaryň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli syýasy wakalar, gelejekde göz öňüne tutulýan dabaralar, medeni diplomatiýanyň halkara derejesindäki abraýy, şeýle hem bagtyýar zenanlara döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler beýan edildi.   

Ähli täzelikler