13 mart 2026 sagat 14:01
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Bedew bady-rowaçlygyň nyşany”

Baş sahypa/Täzelikler/“Bedew bady-rowaçlygyň nyşany”
06 Few 2026 5977 gezek görüldi
“Bedew bady-rowaçlygyň nyşany”

    06.02.2026-njy ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Bedew bady-rowaçlygyň nyşany” ady bilen brifing maslahaty geçirildi. Maslahat Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşyp, olar ýörite taýýarlanan Sergilerde gezelenç gurnadylar, okalga zalynda türkmen bedewleriniň taryhyny şöhlelendirýän gyzykly kitaplary okap tanyşdylar.

    Brifing maslahatyny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa alyp bardy. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň II ýyl talyby Gülkamar Hakyjanowa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň II ýyl talyby Abdylrakyp Tagangylyjow hem çykyş etdiler. Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda fewral aýynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherinde iş saparynda bolup, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, “Görogly” adyndaky sirk merkezinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyk geçirmegi, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz” atly atyň sowgat berilmegi, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň “At-myrat” okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyndan pul sowgadynyň berilmegi, ýakyn günlerde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygy boýunça ähli welaýatlarymyzda  mynasybetli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň iş saparynda bolmaklaryna garaşylýandygyny, aýratynam, ilkinji gadamynyň Balkan welaýatyna bolmaklygynyň buýsançlydygy hakynda giňişleýin beýan etdiler.

 

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,

Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Annagül Balkanowa

Ähli täzelikler