13 mart 2026 sagat 12:41
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Bedew batly Diýarymyň buýsanjy siz, Zenanlar!”

Baş sahypa/Täzelikler/“Bedew batly Diýarymyň buýsanjy siz, Zenanlar!”
17 Few 2026 5968 gezek görüldi
“Bedew batly Diýarymyň buýsanjy siz, Zenanlar!”

    17.02.2026-njy ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde “Altyn nur” toý dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli  “Bedew batly Diýarymyň buýsanjy siz, Zenanlar!” atly aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi. Konsert “Ýaşlyk”, “Miras”, “Türkmen owazy” teleýaýlymlaryna ýazgy edildi. Mekdebiň mugallymlary, talyp ýaşlary teleýaýlymlara joşgunly baýramçylyk gutlaglary bilen interwýulary berdiler. Dabaranyň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň aýdymçylar topary, “Hor” topary, “Bagşylar” topary, Kamera orkestri, “Halk saz gurallary” orkestri, Orkestr topary, “Üfleniň çalynýan saz gurallary” ansambly, “Kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň talyplary, “Bagtyýarlyk” tans topary baýramçylyk ruhundaky taýýarlanan çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Çykyş edenler ähli gelin-gyzlarymyzy, zenanlarymyzy “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, medeniýeti, sungaty ýokary derejede sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

         Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,

Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa

Ähli täzelikler