13 mart 2026 sagat 12:41
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Bereketli saçaklaryň başynda zenanlaryň ýürek buýsançlary”

Baş sahypa/Täzelikler/“Bereketli saçaklaryň başynda zenanlaryň ýürek buýsançlary”
21 Few 2026 5967 gezek görüldi
“Bereketli saçaklaryň başynda zenanlaryň ýürek buýsançlary”

    21.02.2026-njy ýylda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan “Halkara Zenanlar güni” mynasybetli çäre gurnaldy. Baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň dürli kärlerde, pudaklarda zähmet çekýän işjeň agzalary, bagtyýar zenanlar gatnaşdy. Şolaryň biri hem Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa. Läle mugallym hem bereketli saçagyň taýýarlanýan pursatlarynda türkmen halk döredijiliginiň ýerine ýetirilýän däp-dessurlary hakynda, perzentlerimize görelde bolmakda eneleriň keşbini wasp edýän şygyrlary bilen çykyş etdi. Ähli gatnaşyjylar sözleriniň ahyrynda enelerimiziň, zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler