
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan “Berkarar döwletiniň täze eýämynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda saz biliminiň we ýerine ýetirijilik sungatynyň wajyp meseleleri” atly II ylmy-usuly maslahatyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýerleşýän sungat öwredýan edaralaryndan gatnaşdylar. Ylmy maslahaty 2025-nji ýylyň maý aýynyň 3-ne Türkmen Milli konserwatoriýasynda umumy mejlis bilen açyldy. Diňleýjileriň öňünde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory we Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, sungat ylymlarynyň doktory we Türkmenistanyň at gazanan artisti Çaryýar Jumaýew, uly mugallymy Meret Annamyradow öz ugurlary boýunça saz sungatynyň inçe syrlaryny we ýüze çykýan ýerine ýetirijilik kynçylyklarynyň meselelerini gozgadylar.
Soňra maslahat üç bölümçe boýunça dowam etdi. “Saz-nazaryýet derslerini okatmagyň usulyýeti: teoriýa we tejribe” atly bölümçesinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy ýokary derejeli mugallymy O.Grigorewskaýa; “Halk saz ýerine ýetirijiliginiň usulyýeti: teoriýa we tejribe. Saz mugallymçylygy ugurlary; ýerine ýetirijilik sungatynyň taryhy we nazaryýeti” atly ikinji bölümçesinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Bazartagan Weliýew we Begmyrat Seýitnazarow, “Ýerine ýetirijilik sungatynda interpretasiýa meseleleri” atly bölümçesinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Natalýa Palwanowa, Maýagözel Sähedowa, Selbi Goýunlyýewa we Anna Haýdarowa dagylar üstünlikli çykyş edip, Hormat hatlara mynasyp boldular.
