
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde belent ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany hemişe üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişini, taryhyny gowy bilmekleri, döwrebap hünärleri ele alyp, Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren eserlerini eriş-argaç edip öwrenmek hem-de baky Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, 27.02.2026-njy ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde yglan eden “Bilim-bagtyň çyragy” atly zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige Balkan welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly-dünýäniň akyldary”, “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly eserleriniň many-mazmunyny giňişleýin beýan etmegi başardylar. Bäsleşik çekeleşikli dowam edip, talyp ýaşlaryň eseriň magumatlaryndan düzülen soraglara anyk jogap bermekleri bilen jemlendi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar I orna, Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar II orna, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar III orna, Balkan Lukmaçylyk orta okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen topar höweslendiriji baýraga eýe boldular. Bäsleşikde ýokary derejede çykyş edip, öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda many-mazmuna ýugrulan, gymmatly taryhy maglumatlary özünde jemleýän eserleriň talyp ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolup, her birimiziň gymmatly gollanma hökmünde yzygiderli peýdalanmaklary hakynda buýsançlar aýdylyp, gymmatly eseri türkmen halkyna sowgat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.
