
01.09.2025-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly nyzamy we ilkinji okuw sapagyny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen at bilen guramaçylykly geçirmek hakynda” 30.07.2025-nji ýyldaky №272 belgili haty esasynda hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Kanuna laýyklykda, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň, talyplarynyň arasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly ilkinji okuw sapagy geçirildi.
BWÝSM-niň direktory K.A.Mededow ýygnagyň başynda hormatly mugallymlary, talyp ýaşlary “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ajaýyp ýylda 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlap, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli” Gutlagyny beýan etdi. Talyp ýaşlara Döwlet Baýdagymyza togap edenden soň, talyplyk şahadatnamalary gowşuryldy. Gün tertibine laýyklykda, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen ady bilen ilkinji okuw sapagyny geçirmekde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleriň, guwandyryjy we buýsandyryjy üstünlikleriň gazanylýandygyny düşündirip, hormatly mugallymlary, mähriban talyp ýaşlary, Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary esasynda başlanýan 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň içeri we daşary syýasatynyň mundan beýläk hem dabaralanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.
Jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Balkanowa Annagül öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny we görkezmelerini durmuşa geçirmegiň, bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde eziz ata Watanymyza, merdana halkymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza bolan çuňňur söýgini we wepalylygy terbiýelemegiň, uly ösüşlere, guwandyryjy üstünliklere buýsanjy has-da dabaralandyrmagyň ähmiýetini beýan etmek bilen, ilkinji okuw sapagyny Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusyny talyplaryň kompozisiýa görnüşinde ýerine ýetirmekleri bilen jemlenilýändigini beýan etdi.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirilen ilkinji okuw sapagynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň-Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de dörediji we gurujy agzybir halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagy arzuw edildi.
