13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“BITARAPLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNA ASYRLARYŇ ÝAŇY”

Baş sahypa/Täzelikler/“BITARAPLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNA ASYRLARYŇ ÝAŇY”
20 Noý 2025 8004 gezek görüldi
“BITARAPLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNA ASYRLARYŇ ÝAŇY”

    20.11.2025-nji ýylda  “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi jaýynda  “BITARAPLYGYŇ 30 ÝYLLYGYNA ASYRLARYŇ ÝAŇY” ady bilen suratkeşleriň miniatýura eserleriniň toparlaýyn Sergisi geçirildi. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guran sergisine birleşigiň agzalary öz eserleri bilen gatnaşdylar.

    Sergide Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň mugallymy Röwşen Çopanow öz döreden çeperçilik eserleri bilen gatnaşdy. Eserler türkmen nakgaşçylyk sungatynyň miniatýura usulynda ýerine ýetirilipdir. Sergide mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, milli gymmatlyklarymyzy wasp edýän, şöhratly taryhymyzdan, medeniýetimizden, sungatymyzdan söhbet açýan eserler agdyklyk edýär. Her bir suratkeş öz dünýägaraýşyny reňkleriň sazlaşygy arkaly eserlerine siňdirip bilipdirler.

    Serginiň açylyş dabarasyna hormatly myhmanlar, halypa suratkeş mugallymlar, talyp ýaşlar we nakgaşçylyk sungatynyň muşdaklary gatnaşdylar. Olar milli medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan, suratkeşlere ajaýyp eserleri döretmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Ähli täzelikler