
28.10.2025-nji ýylda Balkanabat şäheriniň “Türkmeniň Ak öýi” binasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ajaýyp üstünliklere beslenýän taryhy günlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramçylygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk-bagtyýarlyk” atly şygar bilen syýasy gepleşik taýýarlanyldy. “Miras” teleýaýlymyna ýazgy edilen dabarada Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Guwanç Çendirow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň agzalary gatnaşdy we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa çykyş etdi.
Dabaranyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýylyň dowamyndaky döwlet iş saparlary, Italiýa Respublikasyndaky “Türkmen-Italiýa işewürler maslahaty”, 2026-njy ýylda geçiriljek “Hazar ekologiýa forumy”, 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek, “Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi” yglan etmek hakynda buýsançly gürrüňler edildi.
Syýasy gepleşige gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda hoşniýetli, parahatsöýüjilikli, ynsanperwerlikli syýasatyň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
