13 mart 2026 sagat 13:59
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“BITARAPLYK-BAKY ABADANÇYLYK”

Baş sahypa/Täzelikler/“BITARAPLYK-BAKY ABADANÇYLYK”
27 Okt 2025 8689 gezek görüldi
“BITARAPLYK-BAKY ABADANÇYLYK”

    27.10.2025-nji ýylda Balkanabat şäheriniň “Naýbaşy” toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiti bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi.

    Dabara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Balkanowa Annagül, “Horeogarfiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa, kitaphana müdiri Saparbibi Rahymowa, TMÝG-niň ilkinji guramasynyň başlygy Umyt Gurbanow hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary hökmünde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gazanylan üstünlikler, alnyp barylýan özgertmeler hakyndaky buýsançly çykyşlary bilen interwýu berdiler orkestr topary çykyş etdi.

    Dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler