13 mart 2026 sagat 14:07
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz: ynanyşmak, jebisleşmek Berkararlyk şanymyz”

Baş sahypa/Täzelikler/“Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz: ynanyşmak, jebisleşmek Berkararlyk şanymyz”
03 Dek 2025 6280 gezek görüldi
“Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz:  ynanyşmak,  jebisleşmek Berkararlyk şanymyz”

    03.12.2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz: ynanyşmak, jebisleşmek Berkararlyk şanymyz” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.

    Bäsleşik 3 sany şertden ybarat bolup, talyplar Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri”, Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly-dünýäniň edebi-sazly kompozisiýa, öz hünärlerine degişli sahna hem-de şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny wasp edip, ýerine ýetirmekde öz ussatlyklaryny görkezdiler. 

    Çekeleşikli geçen bäsleşikde mynasyp ýeňijileri saýlamakda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Horeografiýa sungaty” bölüminiň mugallymy Läle Hojagurbanowa hem-de “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Bazar Myradow dagylar emin agzalyk etdi.

    Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalary tarapyndan saýlanan ýeňijiler yglan edilip,  öz ukyp-başarnyklary bilen tapawutlanan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň adyndan  ýadygärlik sowgatlary, Hormat hatlary gowşuryldy.

Ähli täzelikler