13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Bitaraplyk-şöhratymyz, şanymyz”

Baş sahypa/Täzelikler/“Bitaraplyk-şöhratymyz, şanymyz”
13 Noý 2025 8381 gezek görüldi
“Bitaraplyk-şöhratymyz, şanymyz”

    Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda Balkanabat şäherindäki “Naýbaşy” toý dabaralary merkezinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, aýdym-sazly, söhbetli çäre geçirildi. “Bitaraplyk-şöhratymyz, şanymyz” diýen at bilen geçirilen çärä Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işjeň agzalary gatnaşdy.

    Çärede edilen çykyşlarda Halkara Bitaraplyk baýramçylygynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” 30 ýyllyk şanly senesi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk dabarasyna utgaşmagy, Bitaraplyk syýasatymyzyň Türkmenistanyň Konstitusion kanunçylygyna laýyklykda hukuk ýörelgeleriniň has-da kämilleşdirilmegi, dost-doganlyk, goňşuçylyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik syýasaty esasynda medeni diplomatiýasynyň dabaralanýandygy barada beýan edildi.

    Dabarada görkezilen çykyşlar “Türkmen owazy”, “Altyn asyr”, “Ýaşlyk”, “Miras” teleýaýlymlaryna ýazgy edildi. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Annagül Balkanowa, Läle Hojagurbanowa, Bibihajar Ödekowa, Şeýdagül Durdyýewa, Şamyrat Dawydow, talyp ýaşlardan Aýlar Arnageldiýewa, Abdylrakyp Tagangylyjow dagylar interwýu berdiler. Dabarany Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň TMÝG-niň ilkinji guramasynyň başlygy Umyt Gurbanow alyp bardy.

    Aýdymçylaryň, “Bagşylar”, “Dutarçylar” toparlarynyň, “Bagtyýarlyk” tans toparynyň, “Kamera orkestriniň”, “Halk saz gurallary orkestriniň”, “Üflenip çalynýan saz gurallary” ansamblynyň ýerine ýetiren buýsançly çykyşlary şan-şöhrata beslenen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanan üstünliklerine, ýeňişlerine, medeni diplomatiýanyň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlary belent owaz bolup ýaňlandy.

Ähli täzelikler