05 Apr 2025 13283 gezek görüldi

"Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýyly hem-de "Bütindünýä saglyk güni" mynasybetli Balkanabat şäherindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň oglan talyplarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Balkanabat şäheriniň 6-njy kiçi etrapçasynda ýerleşýän sport zalynda geçirildi. Ýaryş diseň çekeleşikli geçip, onda mekdebimiziň talyp oglanlaryndan düzülen topar II orna mynasyp boldular. Şu gün säher bilen bäsleşikde ýeňiji bolan toparlary Balkan welaýat köp ugurly sport toplumynda sylaglamak dabarasy geçirildi.
