13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Çalsana bagşy bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Baş sahypa/Täzelikler/Çalsana bagşy bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi
31 Maý 2025 11424 gezek görüldi
Çalsana bagşy bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda milli mirasymyzy düýpli öwrenmek, aýawly saklamak we dünýäde wagyz etmek boýunça işlere möhüm ähmiýet berilýär. Ýaş nesillerde medeniýetimize söýgini kemala getirmek, olaryň döredijilik ukybyny höweslendirmek, dutarda ýerine ýetirijilik, bagşyçylyk sungatyny geljek nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsidir.

    Taryhy ýüzýyllyklara uzaýan dutar çalmak sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalar dutaryň jadylaýjy owazy bilen döredijiligiň özboluşly mekdebini döredipdirler we bu sungaty nesilden-nesle geçiripdirler. Dutarda saz çalmak sungatynyň biziň günlerimize çenli asyl nusgasyny saklap gelmeginde, onuň kämilleşdirilmeginde bagşy-sazandalara uly orun degişlidir.

    Bu günki günde ata Watanymyzda bagşy-sazandalara goýulýan belent sarpanyň nyşany bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaňy ýakynda has takygy 2025-nji ýylyň maý aýynyň 31-ne bu bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi.

    Balkanabat şäherindäki Döwlet drama teatrynda  geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna deslapky gözden geçirilişiklerde öňe saýlanan bagşylar we sazandalar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar aýdym-sazlary aýratyn joşgun we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu bäsleşige Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinden mugallymdyr talyplaryň gatnaşmagy biziň okuw jaýymyzda bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygyny görkezdi. Bu bäsleşikde mekdebimiziň mugallymlary Şamyrat Dawudowyň, Bazartagan Weliýewiň talyplar Nurmuhammet Nursahatowyň, Gülöwser Nurtaganowanyň, Güljemal Ataýewanyň, Döwletgeldi Geldimämmedowyň, Rahym Taýlyýewiň, Gurbanguly Nurgeldiýewiň ýerine ýetiren aýdymdyr, sazlaryna bäsleşigiň emin agzalary tarapyndan ýokary baha berildi.

    Bäsleşikde milli aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň ikisi bagşyçylyk ugrundan, ikisi hem sazandalyk ugrundan ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň arasynda bagşyçylyk ugry boýunça Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Şamyrat Dawudowyň hem-de sazandalyk etmek boýunça mekdebimiziň talyby Güljemal Ataýewanyň jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bizi diýseň buýsandyrdy.

Ähli täzelikler