
30.01.2026-njy ýylda “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylynda Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, meşhur kompozitor, opera sungatynyň düýbüni tutujy Daňatar Öwezowyň 115-ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen “Türkmen opera sungatynyň ussady” atly aýdym-sazly edebi söhbetdeşlik çäresi geçirildi.
Geçirilen çärede Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, meşhur kompozitor Daňatar Öwezowyň ömri we döredijiligi barada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Bibihajar Ödekowa prezintasiýa çykyşy bilen beýan etdi. Öz çykyşynda B.Ödekowa kompozitoryň fortepiano üçin “Dutaryň owazy”, “Balykçynyň aýdymy” we “Leýla” atly aýdymlaryny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň fortepiano bölüminiň mugallymy N.Palwanowanyň ýerine ýetirmeginde we wideo ýazgysyny hödürledi.(görkezdi).
“Kompozitor Daňatar Öwezow: dirižýor hem hor ýazuwynyň ussady”atly çykyşy Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň I ýyl talyby A.Aşyrgulyýewa (Hünär mugallymy O. M.Grigorewskaýa.) prezintasiýa çykyşynda hem kompozitoryň orkestr we hor üçin ýazylan saz eserlerini diňletdi. “Daňatar Öwezowyň opera döredijiligi”atly çykysy Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň II ýyl talyby H.Gurbangeldiýewa (Hünär mugallymy O. M.Grigorewskaýa) opera sungatynda bitiren işleri barada “Şasenem- Garyp” , “Leýli-Mejnun” ilkinji dessan operalaryň döredilşi we saýlanan belli nusgalaryny Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary N.Palwanowa we G.Lametowanyň ýerine ýetirmeginde wideo ýazgylary arkaly görkezdi.
Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran ussat halypalaryň döredijiligini öwrenmäge, halypa şägirtlik ýoluny dowam etdirmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin alkyşlar aýdylyp, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
