
05.02.2026-njy ýylda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Dehistan medeniýetiniň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi ugrundaky tagallalar” ady bilen gepleşik ýazgy edildi. Gepleşikde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa interwýu berdi. Ol öz çykyşynda Dehistan medeniýetiniň gadymy döwürlerden birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilip, arheologik tapyndylarynyň ýurdumyzyň muzeýlerinde gymmatlyk hökmünde saklanylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenisytanyň Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy döwlet bolup, gadymy medeni-taryhy ojaklarynyň alymlar tarapyndan öwrenilip, Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim, medeniýet boýunça Halkara guramasy bolan ÝUNESKO-nyň maddy gymmatlyklarynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň mümkinçiliklerini giňişleýin beýan etdi.
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,
Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy
Annagül Balkanowa
