13 mart 2026 sagat 14:03
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Döwletli Maslahatyň üstünlikli jemlenmegi

Baş sahypa/Täzelikler/Döwletli Maslahatyň üstünlikli jemlenmegi
22 Sen 2025 9715 gezek görüldi
Döwletli Maslahatyň üstünlikli jemlenmegi

    22.09.2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk  we ynanyşmak ýylynyň” ajaýyp üstünliklere beslenýän taryhy günlerde Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komiteti bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli jemlenmegi mynasybetli tegelek stol geçirildi. “Altyn asyr” teleýaýlymyna ýazgy edilen dabara Balkan welaýat Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işjeň agzalary gatnaşdy we Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa alyp bardy. Şol senede we şeýle meseleler dogrusynda buýsançly çykyşlar bilen ýene-de tegelek stol ýazgy edildi. Ol syýasy gepleşigi Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň TMÝG-niň ilkinji guramasynyň başlygy Umyt Gurbanow alyp bardy.

    Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen kabul edilen “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyň, “Dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgetmeleri girizmek hakynda” Kanunlaryň kabul edilmegi, ylym-bilim, medeniýet, saglyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekligiň üstünlikleri, täze sepgitleri, uzakmöhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilişi hakynda buýsançly gürrüňler edildi.

    Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynyň ahyrynda asuda, parahat durmuşda parahatsöýüjilikli, ynsanperwerlikli syýasatyň dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler