13 mart 2026 sagat 14:05
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Döwrüň sahawat serpaýy-nesilleriň we zenanlaryň bagtyýarlygy”

Baş sahypa/Täzelikler/“Döwrüň sahawat serpaýy-nesilleriň we zenanlaryň bagtyýarlygy”
08 Maý 2025 11971 gezek görüldi
“Döwrüň sahawat serpaýy-nesilleriň we zenanlaryň bagtyýarlygy”

    08.05.2025-nji ýylda Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Balkan welaýat bölümi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Döwrüň sahawat serpaýy-nesilleriň we zenanlaryň bagtyýarlygy” ady bilen brifing maslahaty geçirildi. Maslahata Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň kitaphana müdiri, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy S.Rahymowa, talyp gyzlary, orkestr toparlary hem gatnaşdy. “Miras” teleýaýlymyna ýazgy edilen bu syýasy gepleşiginde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli 29.03.2025-nji ýylda Arkadag şäherinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly Halkara maslahatynyň “Sagdyn çagalar-sagdyn ýurt” şygaryny esas edinen halkara forumyň Jemleýji Resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde biragyzdan kabul edilmegi baradaky hoş habary dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerindäki maglumatlar arkaly giňişleýin beýan etdi. Syýasy gepleşige gatnaşan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, dürli syýasy guramalarynyň myhmanlary hem öz gezeklerinde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde, BMG-niň Çaganyň Hukuklary hakynda Konwensiýanyň agzasy hökmünde ýurdumyzda sagdyn nesli kemala getirmekde döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikler dogrusynda nygtadylar. Gepleşigiň ahyrynda ähli çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşmagy, köp millionly tomaşaçysy bolan bu teleýaýlyma interwýu bermegi mynasybetli gutlap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde biragyzdan kabul edilmegi baradaky hoş habaryň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän ýylynyň möhüm taryhy wakasy bolup, her birimizde ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýandygyny bellediler. Çykyş edenleriň ýürek buýsançlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan edildi.

 

Ähli täzelikler