13 mart 2026 sagat 14:07
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“DUTARYŇ OWAZY”

Baş sahypa/Täzelikler/“DUTARYŇ OWAZY”
06 Noý 2025 8390 gezek görüldi
“DUTARYŇ OWAZY”

    2025-nji ýylyň noýabr aýynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň III ýyl talyby Aýlar Arnageldiýewa Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” atly IX Halkara festiwal bäsleşiginiň I derejeli laureaty boldy.

     “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Natalýa Palwanowa Fýodorowna sazandarlyk etdi, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Gülhanym Lametowa hünär mugallymy hökmünde halypalyk etdi.

    Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň III ýyl talyby Aýlar Arnageldiýewa kompozitor Nury Halmämmedowyň “Aşgabat hakda” aýdymyny, Juzeppa Werdiniň “Bal maskarad” operasyndan Oskaryň ariýasyny, Iogan Sebastian Bahyň “Kofely” kontatasyndan Lizettanyň ariýasyny, umuman, aýdymlarynyň ählisini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

    Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi Aýlar Arnageldiýewanyň Halkara derejesinde gazanan bu ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň hoş owazlarynyň hasam belentde ýaňlanmagyny arzuw etdiler hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine baýramçylyk sowgady bolan bu üstünligi gazanmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

Ähli täzelikler