
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, dünýäde giňden wagyz etmek etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan "Galkynyş" topary milli mirasymyzy ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär. özleriniň köp öwüşgünli çykyşlary bilen göreni haýran edýän "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar topary "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň" ilkinji günlerinde Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda bu topar türkmen tuguny belentde parladyp, baş baýraga mynasyp boldular hem-de ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny äleme ýaýdylar. Şeýle ajaýyp çykyşlar bilen Watanymyzyň at-abraýyny belende göterýän bu toparyň çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew hem-de şol toparyň agzalary bilen Balkan welaýat kitaphanasynda mekdebimiziň talyplarynyň gatnaşmagynda söhbetli duşuşyk geçirildi, duşuşygyň dowamynda myhmanlaryň täsirli çykyşlary, olaryň beren gürrüňleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşyga gatnaşyjylar myhmanlara özlerini gyzyklandyrýan soraglar bilen ýüzlendiler şeýle-de myhmanlar bu ýerde mekdebimiziň "Nakgaşçylyk", "Dizaýn" bölümleriniň talyplarynyň ýerine ýetiren "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünliklerini we ajaýyp çykyşlaryny wasp edýän surat eserleriniň sergisi gurnaldy. Sergä tomaşa eden myhmanlar surat eserleri üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdiler hem-de ähli duşuşyga gatnaşyjylary "Türkmeniň ak öýi binasynda" geçiriljek çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrdylar .
