13 mart 2026 sagat 12:42
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Galkynyşyň” ilkinji gadamy Balkanda

Baş sahypa/Täzelikler/“Galkynyşyň” ilkinji gadamy Balkanda
15 Few 2026 5969 gezek görüldi
“Galkynyşyň” ilkinji gadamy Balkanda

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda fewral aýynyň 15-ine halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň owazasyny äleme ýaýýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäherinde dabaraly garşylandy. Toparyň agzalary, ilki bilen, şäheriň Uzboý köçesiniň ugry bilen “Türkmeniň ak öýi” binasyna tarap guralan ýörişe gatnaşdylar. Ýol ugrunda olary ýerli ýaşaýjylar joşgunly garşyladylar. Şäheriň “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkeziniň öňünde bolsa myhmanlara welaýatyň döredijilik-tans toparlarynyň gelnalyjy toý däp-dessurynyň berjaý edilişi görkezildi.

    Balkan welaýat kitaphanasynyň öňünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, şahyr Gülşirin Hanowanyň sözlerine guralan “Arkadagyň, Arkadagly Serdaryň eserleri-talyplara nusga, geljege ýagty” atly aýdym-sazly çykyş hem uly buýsanja beslendi. Ony Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirdiler.

    Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Sergisi ony synlanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn”, “Heýkeltaraşlyk” bölümleriniň talyp ýaşlarynyň taýýarlan türkmen bedewleriniň gözelligini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, atlaryň keşbiniň sungata siňen heýkelleri görkezildi. Türkmençiligiň myhmansöýerlik sungatynyň dowamy hökmünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna olaryň üstünliklerine bagyşlanan Surat eserlerini ýadygärlik sowgady edip gowşurdylar.

                               

    “Türkmeniň ak öýi” binasynyň girelgesinde Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Bagşylar” toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, “Magtymguly Pyragy” medalynyň eýesi, şahyr Ahmetberdi Mededowyň sözlerine we sazyna döredilen “Bedew batly at-myradyň mekany Türkmenistan” atly aýdym ýokary derejede belent owaz bolup ýaňlandy.

    Dabaralaryň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.

 

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,

Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy

Annagül Balkanowa

Ähli täzelikler