13 mart 2026 sagat 12:44
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

“Galkynyşyň” kalplarda döreden buýsanjy”

Baş sahypa/Täzelikler/“Galkynyşyň” kalplarda döreden buýsanjy”
19 Few 2026 5967 gezek görüldi
“Galkynyşyň” kalplarda döreden buýsanjy”

    19.02.2026-njy ýylda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Balkan welaýat häkimligi tarapyndan “Miras” teleýaýlymyna “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda fewral aýynyň 15-ine halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň owazasyny äleme ýaýýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň iş saparynda bolup, halkymyzyň mundan beýläk hem alyp barjak işlerine uly hyjuw döretmekligi barada tegelek stol  ýazgy edildi.

    Ýazgyda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ilkinji guramasynyň başlygy Umyt Gurbanow çykyş etdi. Olar Balkan welaýat kitaphanasynyň öňünde “Arkadagyň, Arkadagly Serdaryň eserleri-talyplara nusga, geljege ýagty” atly aýdym-sazly çykyş hem uly buýsanja beslenendigini, ony Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirendiklerini, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Sergisiniň  ony synlanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny, onda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk”, “Dizaýn”, “Heýkeltaraşlyk” bölümleriniň talyp ýaşlarynyň taýýarlan türkmen bedewleriniň gözelligini şöhlelendirýän amaly-haşam sungatynyň eserleri, atlaryň keşbiniň sungata siňen heýkelleri görkezilip, türkmençiligiň myhmansöýerlik sungatynyň dowamy hökmünde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna olaryň üstünliklerine bagyşlanan Surat eserleriniň ýadygärlik sowgady edip gowşurlandygyny bellediler.

 

         Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy,

Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa

Ähli täzelikler