
07.01.2026-njy ýylda Balkan welaýat häkimliginde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen hoşallyk maslahatynda BWÝSM-niň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy A.Balkanowa çykyş etdi.
Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkynyň bedew bady bilen ösüşlere beslenýän döwründe bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryna döredilýän giň mümkinçilikleri beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke atlarymyz-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly eserleriniň taryhy maglumatlary giňişleýin öz beýanyny tapdy.
2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen hoşallyk maslahaty 07.01.2026-njy ýylda sagat 21:00-da “Watan” habarlar gepleşiginde görkezildi.
