
17.09.2025-nji ýylda Türkmennebit döwlet konserniniň Balkanabat Nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşi bilen bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi.
Dabarada Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gazanylan üstünlikler, alnyp barylýan özgertmeler hakyndaky buýsançly çykyşlary bilen “Ýaşlyk” teleýaýlymyna interwýu berdi.
Dabara gatnaşyjylar parahatçylykly, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige beslenip bellenilýän baýramçylyklaryň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
