
19.09.2025-nji ýylda Balkan welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” geçirilýän jemgyýetçilik, döwlet çärelerinde öz çekýän zähmeti bilen tapawutlanýan mugallymlaryň hatarynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň mugallymy Röwşen Çopanow hem-de kitaphana müdiri Saparbibi Rahymowa Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgady bilen sylaglandylar.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar asuda, parahat ýurdumyzda goşa-goşadan bellenilýän baýramçylyklaryň dünýäde dabaralanmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
