
27.08.2025-nji ýylda Balkanabat şäheriniň “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Balkan welaýat häkimligi bilen welaýat Halk Maslahatynyň bilelikde gurnamagynda brifing maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk Maslahatynyň başlygy, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Annagül Balkanowa gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen aýratyn tapawutlanmagy başardylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri, kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti, il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy babatdaky meseleler hakynda gürrüňler edildi.
Brifing maslahatynyň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygy, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, halkyň bähbitlerini giňden dabaralandyrmakda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
