13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

GÜL WATANYŇ PARLAP DURAN BAÝDAGYDYR GARAŞSYZLYK

Baş sahypa/Täzelikler/GÜL WATANYŇ PARLAP DURAN BAÝDAGYDYR GARAŞSYZLYK
02 Sen 2025 9726 gezek görüldi
GÜL WATANYŇ PARLAP DURAN BAÝDAGYDYR GARAŞSYZLYK

    02.09.2025-nji ýylda “Bagt köşgi” toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi bilen Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly, söhbetli konsert geçirildi.

    Dabara Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy Balkanowa Annagül, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Bibihajar Ödekowa, “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Tylla Sätiýewa, “Aýdym aýtmak sungaty-wokal” bölüminiň mugallymy Gülhanym Lametowa, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Gülhanym Lametowa “Fortepiano” bölüminiň mugallymy Tylla Sätiýewanyň sazandarlyk etmeginde “Galmanam” atly türkmen halk aýdymynyň täzeden işlenen görnüşiniň, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Aýnagül Berdigylyjowanyň sözlerine, Tylla Sätiýewanyň sazyna “Eziz Watan”, Ata Atajanowyň sözlerine, Weli Muhadowyň sazyna döredilen “Säher aýdymyny”, Magtymguly Pyragynyň sözlerine, Weli Ahmedowyň sazlaryna “Bu gün” atly aýdymlarynyň ählisini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

    Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň jemgyýetçilik dersleriniň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Annagül Balkanowa, “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Bibihajar Ödekowa dagylar Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gazanylan üstünlikler, alnyp barylýan özgertmeler hakyndaky buýsançly çykyşlary bilen interwýu berdiler.

    Dabara gatnaşyjylar medeni diplomatiýanyň ösmeginde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ähli täzelikler