13 mart 2026 sagat 14:04
Telefon belgi: +99322267725;+99322267726
Logotip
BALKAN WELAÝAT ÝÖRITE SUNGATMEKDEBI
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN -BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Emblem

Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

Baş sahypa/Täzelikler/Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
18 Mart 2025 13332 gezek görüldi
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar

    «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň gadymy baýramy bolan Nowruz güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzda uly şowhun-şatlyk bilen bellendi. ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilen Nowruz baýramy welaýatymyzyň Magtymguly etrabynyň gözel jülgelerinde özboluşly öwüşgin bilen toý lybasyna beslendi. Guralan ak öýler, olaryň ýanyndaky tapçanlar, hiňňildikler,  bularyň ählisi türkmen obasyndaky toý pursatlaryny janlandyrdy. Dutarçylar we bagşylar toparlarynyň ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, läle kakýan gyzlaryň owazy alyslara ýaňlandy. Merkezi sahnada mekdebimizň  aýdymçy-bagşylarynyň, tans toparynyň gatnaşmagynda taýýarlanan baýramçylyk konsertleri geçirildi.

                                      

Ähli täzelikler